Nusgawy şahyryň şanyna bagyşlanan çäre



2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli,  Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň  hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi bilen birlikde gurnamagynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň işjeň agzalary, muzeýiň hünärmenleri, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher garnizonynyň harby gullukçylary  hem-de  esgerleri gatnaşdylar. 

Dabaraly maslahatda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda  ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda  amala aşyrylýan beýik özgertmeler hem-de akyldar şahyryň döredijiligi bilen baglanyşykly many-mazmuna baý çykyşlar diňlenildi.  Soňra dabara gatnaşyjylaryň muzeýlerde şöhratly taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy, milli mirasymyzy, geçmişde öçmejek yz goýan taryhy şahsyýetlerimizi şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklary bilen baýlaşdyrylan sergilere baryp tomaşa etmekleri, olaryň kalplarynda  ata Watanymyza, mähriban halkymyza bolan söýgüsini artdyrmaga, gahrymançylyk, edermenlik duýgylaryny döretmege itergi berdi. Degişli myhmanlaryň gatnaşmagynda birnäçe günläp dowam eden  çäreleriň dowamynda, ýylyň şygary mynasybetli Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda aýdym-sazly edebi kompozisiýa, çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň medeni-köpçülikleýin sport çäreleri,  Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde gurnalan aýdym-sazly dabara hem-de watançylyk ähmiýetli görkezilen wideo rolikler hem  özboluşly ähmiýete eýe boldy. 

Gözel EMINOWA,
Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk 
urşy   muzeýiniň   ylmy   işgäri

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25