Magtymguly Pyragy – türkmen şygryýetiniň zergäri



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetiniň täze many-mazmun bilen baýlaşyp, görlüp-eşidilmedik derejede gülläp ösýän we şol bir wagtda äleme ýaýylýan şöhratly eýýamydyr. Bu günki gün türkmen halkynyň dünýäsine Magtymgulynyň pähim-paýhasy nur saçýar. 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň belleniljekdigi halkymyzy buýsandyrýar. Bu ýylyň “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylmagy hem uly şatlykly wakadyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz  2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda karara gol çekdi. Şol meýilnama laýyklykda, ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna, ömrüne we döredijiligine bagyşlanan dürli çäreleri geçirmek, ylmy maslahatlary, sergileri, aýdym-sazly çykyşlary guramak, kitaplaryny neşir etmek, Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny sanly we neşir görnüşde taýýarlamak göz öňünde tutuldy. “Magtymgula tagzym”, “Kalplara siňen Pyragy”, “Magtymguly Pyragy-dünýä danasy”, “Akyl hazynasy”, “Ýagşyny älem arzuwlar” ýaly täze kitaplaryň çap edilmegi we bu şanly sene mynasybetli geçirilýän beýleki çäreler, duşuşyklar meýilnamanyň üstünlikli alnyp barylýandygyny görkezýär. 

Weli şahyr heňňam aýlandygysaýy öz iline, ata watanyna döwletli döwranyň geljekdigini, ýiti paýhasly, başarjaň türkmen nesilleriniň dünýä injegini öňünden bilipdir. Şahyr halal zähmetiň ynsanyň aňyna çagalykdan guýulmagyny, zähmet çekmegi ýaşlykdan endik etmelidigini wagyz edýär. Halal zähmet çekmek bilen diňe özüňi, maşgalaňy däl, eýsem, watanyňy hem ösdürip, beýgeldip bolar. Adamy Watana, ata-enä, il-güne bolan päk söýgi terbiýeleýär. Akyldar şahyr öz Watanyny, il- gününi jany-teni bilen söýüpdir, özüniň bütin ömrüni Watana, onuň abadançylygyna bagyşlapdyr. Şonuň üçin Watan, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiliginde görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Bu meselede Magtymguly “ Türkmeniň”, “Ýeli Gürgeniň”, “Depe nedir, düz nedir”, “Öňi-ardy bilinmez”, “Döker bolduk ýaşymyz”, “Gidiji bolma”, “Mert bolmaz”, “Başy gerekdir” ýaly köpsanly goşgulary düzüpdir. Şahyryň döredijiliginde adamlarda oňat häsiýetleri terbiýelemekde uly orny eýeleýän öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlar hem aýratyn orun tutýar. “Janyna degmez”, “Durasyň geler”, “Ýör biläni”, “Il ýagşy”, “Zor bolar”, “Aýrylma” ýaly onlarça şygyrlary ýazypdyr. Magtymguly Pyragy köňülleriň, ýürekleriň ähli döwürleriň şahyry. Ol umumadamzat gymmatlyklaryna egsilmez goşant goşan söz ussadydyr. Şonuň üçin hem onuň döredijilik we ömür ýoly nesiller üçin belent mekdep hökmünde mynasyp öwrenilýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen halkyny birleşdirmek, özbaşdak döwlet gurmak, agzybirlik barada has köp goşgulary degişlidir. Häzir şahyryň döredijiligine teswirleme bermek giň gerime eýe boldy. Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsini içgin öwrenmek indi ençeme wagt bäri dowam edip gelýär. Elbetde şahyryň döredijiligi bilen içgin gyzyklanan türkmen hem-de daşary ýurt Magtymgulyşynaslaryny barmak basyp sanamak mümkin däl. Pyragy umman ýaly giň döredijiliginde köptaraplaýyn tema ýüzlenipdir. Şygyr ýazylyşynyň dürli usullaryndan peýdalanypdyr. Olarda ahlak, mertlik, adalatlylyk, söýgi, watançylyk, ynsan gatnaşyklary, agzybirlik we başga-da birnäçe temalara uly orun berilipdir. 

Türkmen edebiýatyny, türkmen medeniýetini, türkmeniň beýik şahsyýetlerini, öwrenmäge giň  mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Arzuw SAPAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň 
pedagogika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25