Bäherden etrabynda täze, döwrebap kärhananyň açylyş dabarasy boldy


Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda gurlan keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän «Bäherden» kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy barada Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow maglumat beripdi.

Ozal habar berlişi ýaly, kärhana ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümleriniň 120 müňüsini öndürmäge ukyplydyr.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25