Daşary ýurt tejribelerinden - "Koofers"
Koofers – bu hususy kompaniýa bolup, ol 2008-nji ýylda esaslandyrylýar we Waşingtonda baş offisy ýerleşýär. Koofers-yň esasy maksady maglumatlary paýlaşmak arkaly ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň akademiki zerurlyklaryny üpjün etmekdir. Talyplar olaryň web-sahypasynda email poçtalary bilen registrasiýa geçip, olaryň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilýärler.
Koofers akademiki senenama (kalendar) boýunça hyzmatlary yzygiderli üpjün edýär: kursy saýlamakdan tä gutardyş synaglara çenli, şeýle hem interaktiw fleşkartlary, mugallymlaryň goýan bahalaryny görüp bolýar we geçen synaglary, okuw materiallary paýlaşmak üçin kitaphanany hem ulanyp bolýar.
Koofers.com “Virginia Tech” uniwersitetiniň talyplary Maýkl Rihani we Patrik Gartlan tarapyndan esaslandyrylýar. 2019-njy ýylda kompaniýa satylyp, häzirki wagtda “Docsity” atly kompaniýanyň düzümine degişlidir.
Işleýiş prinsipi: hyzmatlar tölegli bolup, registrasiýa edilen islendik ulanyjy kesgitlenen nyrhy töläp, özüne gerekli bolan kitaplary, gollanmalary, testlary ýükläp alyp biler. Egerde uly kurs talyplary özleriniň okap tamamlan kurslary boýunça gollanmalary we öý işlerini web-saýta ýükleseler, olar point (bal) gazanýarlar, her ýüklenen dokument üçin 10 point berilýär. Şeýlelikde pointleri üýşürip, başga özlerine gerekli bolan gollanmalary, dokumentleri satyn alyp bilýärler. Pointler bilen tölemek mümkinçiligi üpjün edilen.
Amatly taraplary talyplar we başgada ulanyjylar özara gollanmalary, kitaplary paýlaşyp bilýärler.