Türkmenistanyň wekili Çernogoriýada geçen sebitleýin mejlise gatnaşdy


Çernogoriýada BMGÖM-iň Aral deňzi boýunça taslamasynyň çäginde ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlyk boýunça sebitleýin mejlis bolup geçdi. Bu çärä Türkmenistandan meýletinçi Kasym Jumaýew gatnaşdy.

Mejlis «Nesilleriň baglanyşygy: ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak we geljege gatnaşdyrmak» şygary astynda geçdi. Ol Ýewropadan we Merkezi Aziýadan ýaş ýolbaşçylary bir ýere jemledi.

Mejlise gatnaşanlar üç günüň dowamynda bilimlerini paýlaşdylar we dünýädäki ýaşlar guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen meşgul boldular. Maksatnama jebis gatnaşyklary we özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin zerur gurallar, bilimlerdir ulgamlar bilen üpjün etmek arkaly, ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25