Geçirilýän halkara bäsleşikler ösüşden habar berýär...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşli ýollarda ynamly öňe barýar.Watanymyzda gazanylýan üstünlikler bagtyýar ýaşlarymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä derejesine laýyk bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Geçirilýän halkara ýaryşlar, bäsleşikler bu aýdylanlara aýdyň subutnamadyr. Ýakynda badalga alan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilýän «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşige jemi 250-den gowrak talyp gatnaşýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda giňden dabaralandyrmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik parahatçylygy wagyz etmek, halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda oňyn netijeleri gazanmakda diýseň ähmiýetlidir.
Halkara bäsleşigiň toparlaýyn tapgyrynda bolsa gatnaşyjylar toparlaýyn görnüşde ýumuşlary we meseleleri çözmekde bäsleşýäler. Bu tapgyryň dowamynda gatnaşyjylar halkara gatnaşyklarynda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirlemek, ekonometrika, logistika we ş.m. ugurlar boýunça 5-10 sany mesele-ýumuş çözýärler. Bu tapgyrda toparlar boýunça ýeňijiler bahalandyrylýar.
Halkara bäsleşigiň gatnaşyjylaryň bilelikdäki «paýhas hüjümi» breýn-ring bäsleşigi hem geçirilýär. Bu çäre akyl-paýhas hyzmatdaşlygy formatynda bolar, onda 1 sagat 30 minutlap pikir alyşmak, jemleýji teklibi taýýarlamak, ylalaşmak we gutarnykly görnüşde hödürlemek üçin bolsa goşmaça 30 minut göz öňünde tutulandyr.
Arslan GUWANÇMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.