Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady berkidilýär



«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän ýylymyz hem uly üstünliklere beslenýär.  Bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy namalaryň, teklipleriň we kanunçylyk başlangyçlarynyň ençemesine garalýar hem-de olaryň üstünde işlenilýär. Hereket edýän kanunlar bolsa toplumlaýyn we yzygiderliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň ählisi raýatlaryň bilim almaga konstitusion hukugyny üpjün etmek we goramak, bilim ulgamynyň üznüksiz işlemegi we ösmegi üçin kanuny kepilleri döretmek ýaly esasy wezipeleri ýerine ýetirýär.

Bilim ulgamy 2021-nji ýylyň iýun aýynda güýje giren "Bilim hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Onuň talaplaryna laýyklykda häzirki wagtda bilim ulgamyna sanly iş we okuw usullary işjeň ornaşdyrylýar. Ylym we bilim üstünlikleriň hem-de ösüşiň esasydyr. Geljekde önümçilige häzirki zaman elektron-hasaplaýyş tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy işgärleriň umumy we ýörite biliminiň hem-de medeniýetiniň ösüşi bilen utgaşar.

Türkmenistanyň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanunyna laýyklykda, bilim edarasyny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny ýeňillikli tölemek, telekeçilik bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ýaş telekeçileri goldamak, taslamalary döretmäge ukyply ýaşlar üçin binagärlik taslamalaryna gatnaşyp, zehinlerini görkezmek mümkinçiligini döretmek ýaly özboluşly täze kadalaryň girizilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Taryhymyzy öwrenmek, geçmişde ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoluny bilmek we taryhy-medeni ýadygärliklerimizi sarpalamak ýaşlar üçin belent borç hem wezipedir. Şeýle-de, taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemek taslamalaryna ýaşlaryň gatnaşyp, zehinini görkezmegi üçin mümkinçilik döredilmegi baradaky kadanyň girizilmegi taryhy öwrenmäge höwesli ýaşlar üçin ajaýyp täzelikdir.

Gülnar ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň 
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 
Kazyýet lukmançylyk we hukuk 
kafedrasynyň mugallymy.

Share this post

Adress:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Tel. numbers:
+993 12 36-19-25