«Tesol-yň» Türkmenistandaky ilkinji konferensiýasy: iňlis dilini okatmak dünýäsine goşulyň


Türkmenistanda iňlis dilini öwredýän mugallymlar häzirki zaman we innowasion okuw usullaryna aralaşmaga mümkinçilik döretjek ilkinji «TESOL» konferensiýasyna çagyrylýar.
Bäş günläp dowam etjek bu konferensiýa täze tehnologiýalaryň, okatmagyň usullarynyň dünýäsine we mugallymlary taýýarlamagyň strategiýalaryna syýahat etmekde möhüm many-mazmuna eýe bolar. «TESOL» tarapyndan guralan bu çäre ähmiýetli çykyşlary, umumy mejlisleri, mugallymlaryň arasyndaky sebitleýin hem-de halkara derejesindäki tejribeler we bilimler üçin alnyp barylýan interaktiw sessiýalary öz içine alýar.
Ýurduň dürli künjeginden gelen mugallymlaryň hatarynda, köpçülikleýin pikir alyşmak we iňlis dilini öwretmegiň iň täze usullary barada düşünje almak mümkinçiligini elden bermäň! Munuň özi bilimiň we okatmagyň geljegine göz aýlamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
«TESOL-yň» halkara jemgyýetçiliginden hem-de sebitden gelen hünärmenleri we bilermenleri bilimlerinidir tejribelerini paýlaşarlar, gatnaşyjylara bu möhüm ugry ösdürmek barada gymmatly düşünjeleri we geljegi uly pikirleri hödürlärler.
Gatnaşmak isleýänler şu salgy arkaly ýüz tutup bilerler: bit.ly/AshgabatTESOL. Welaýatlardan saýlanan dalaşgärlere syýahat çykdajylarynyň öwezini dolmak mümkinçiligi berler.
Özüňiz üçin iňlis dilini öwretmegiň täze mümkinçiliklerini açyň!

Share this post

Adress:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Tel. numbers:
+993 12 36-19-25