Behişdi bedewleriň şöhratly ýoluna buýsanç
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýy täze belentliklere eýe bolýar. Ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak hem-de wagyz etmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwürde merdana halkymyzyň kökleri müňýyllyklara uzaýan gadymy atşynaslyk däpleri dowamata atarylýar.
Müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen her bir medeni gymmatlygymyz halkymyzyň milli ýol-ýörelgelerinde öz beýanyny tapypdyr. Ahalteke bedewlerimiz hem şol milli gymmatlyklarymyzyň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Şonuň üçin halkymyz ähli döwürlerde hem behişdi bedewlerimiziň waspyny giňden dabaralandyrypdyr.
Naýbaşy gymmatlyklarymyzyň esasylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz merdana türkmen halkymyzyň buýsanjy we guwanjydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen halkynyň durmuşynda ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerimiz aýratyn orny eýeleýär. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr» diýmek bilen, türkmen bedewlerine çuňňur sarpa goýýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda behişdi bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk ýörelgelerini dowam etdirmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda ýene-de bir buýsançly, şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň ençeme döwletiniň gatnaşmagynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, ol ýerde türkmen ýigitlerimiz at üstündäki milli oýunlarymyz bilen üstünlikli çykyşlary ýerine ýetirip, ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladyp, festiwalyň birnäçe ýörite baýraklaryna, iň esasysy hem Altyn baýraga mynasyp boldy. Ynha, şu şanly waka mynasybetli 1-nji fewralda Arkadag şäherinde uly dabaralar geçirildi. Arkadag şäherinde Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki buýsandyryjy wakalara beslendi. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyza Şa serpaýlaryň gowşurylmagy biziň ählimizi buýsandyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyz dünýäde geçirilýän halkara festiwallarda indi 6-njy gezek baş baýraga — Altyn baýraga, belent derejä eýe bolup, dünýä döwletlerini haýran galdyrdy. Bu hem türkmen halkymyzyň, ähli atşynaslarymyzyň başyny göge ýetirdi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyz ýurdumyzyň hem-de dünýäniň birnäçe döwletleriniň toýdur baýramlaryna, medeniýet günlerine, aýratyn hem halkara festiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýär.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň belent üstünlikleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle üstünlikleriň hatarynda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda baş baýragy, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk festiwalynda baş baýragy, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II Halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýragy, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýragy, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen Fontankadaky I Halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigi, şeýle hem ýakynda Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyndaky Altyn baýragy we beýleki ýörite baýraklary görkezmek bolar.
Ýurdumyzda atçylyk pudagyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Arkadag şäherimizde ussat seýis, halypa atşynas Aba Annaýewiň adyny göterýän Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi hem-de bu ýerde atçylyk pudagyna degişli atçylyk, seýisçilik, atly sport, atly syýahatçylyk, sirk sungaty hem-de milli at üstündäki oýunlar ýaly ýörite taýýarlyk ugurlarynda talyp ýaşlaryň ylym-bilim alýandyklary, halkara derejesinde geçirilýän festiwallara gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýändikleri buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ahalteke bedewlerimize çäksiz hormat goýmagy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmagy hem-de ahalteke bedewlerini biziň akademiýamyza sowgat bermegi bizi we talyp ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atçylyk we seýisçilik sungatyny, milli at üstündäki oýunlarymyzy döwrüň belent sungaty derejesine ýetirmekde alyp barýan beýik işleriniň rowaçlanýandygynyň ýene bir gezek subutnamasy boldy.
Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmekde, milli atşynaslyk sungatymyzy dünýä derejesine çykarmakda, behişdi bedewlerimizi ylmy esasda öwrenmekde ähli şertleri hem-de giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren, asuda hem-de parahat durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!