“Bakylyga öwrülen mertler” atly baýramçylyk sergisi geçirildi



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim– paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan türkmen halky bu günki gün dünýä jemgyýetçiligi bilen bir hatarda Beýik Ýeňşiň 79 ýyllyk baýramyny uludan belleýär. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan şöhratly Ýeňşi her ýyl bütin halkymyz bilen bilelikde Watana söýgi, ata babalarymyzyň ene topragy goramakdaky beýik işlerini sarpalap, bu baýramçylygy jebislikde we ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçirilýär. Ine, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda 9-njy maý “Ýeňiş güni” mynasybetli “Bakylyga öwrülen mertler” atly wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň hünärmenleri, il sylagly ýaşulular we talypýaşlar gatnaşdylar.

Sergide mert pederlerimiziň taryhda şöhrata beslenen ýeňiş ýollary bilen baglanyşykly ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklary ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Aýratyn hem, sergide ýerleşdirilen Watan üçin söweşen ata-babalarymyzyň durmuş we söweş ýollary hakyndaky maglumatlary, tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň ýeňşe goşan goşantlaryny şöhlelendirýän fotosuratlary, uruş ýyllaryna degişli muzeý eksponatlaryň ählisi watansöýüjiligiň, mertligiň, edermenligiň nusgalyk mekdebi bolup hyzmat etdi.

Gözel EMINOWA,
Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk
urşy muzeýiniň ylmy işgäri.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25