Magtymguly - Gündogaryň beýik akyldary
Gündogaryň beýik akyldary nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy çuň paýhasy bilen dünýä ady dolan, taryhy geçmişimizi, häzirki bagtyýarlygymyzy, geljekki eşretlerimizi öňünden görüp, özüniň şygyrlary bilen ýürekleri nagyşlan umumadamzat şahyrydyr. 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini wasp eden türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna bolan ýokary sylagyň hem-de onuň dürdäne şygryýetine goýulýan belent sarpanyň subutnamasydyr. Beýik şahyryň watançylyk, terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary bilen birlikde, kämil garaýyşlary özünde jemleýän çuň manyly şygyrlary ynsan kalbynda öçmejek yz galdyrýar.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen halkyny birleşdirmek, özbaşdak döwlet gurmak, agzybirlik barada has köp goşgulary degişlidir. Häzir şahyryň döredijiligine teswirleme bermek giň gerime eýe boldy. Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsini içgin öwrenmek indi ençeme wagt bäri dowam edip gelýär. Elbetde şahyryň döredijiligi bilen içgin gyzyklanan türkmen hem-de daşary ýurt Magtymgulyşynaslaryny barmak basyp sanamak mümkin däl. Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda we nusgaw şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda karara gol çekdi. Şol meýilnama laýyklykda, ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna, ömrüne we döredijiligine bagyşlanan dürli çäreleri geçirmek, ylmy maslahatlary, sergileri, aýdym-sazly çykyşlary guramak, kitaplaryny neşir etmek, Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny sanly we neşir görnüşde taýýarlamak göz öňünde tutuldy.
Magtymguly Pyragy umman ýaly giň döredijiliginde köptaraplaýyn tema ýüzlenipdir. Şygyr ýazylyşynyň dürli usullaryndan peýdalanypdyr. Olarda ahlak, mertlik, adalatlylyk, söýgi, watançylyk, ynsan gatnaşyklary, agzybirlik we başga-da birnäçe temalara uly orun berilipdir. Beýik şahyryň watançylyk, terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary bilen birlikde, kämil garaýyşlary özünde jemleýän çuň manyly şygyrlary ynsan kalbynda öçmejek yz galdyrýar.
Uzuk DÖWLETGELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
nebit we gaz uniwersitetiniň Ykdysadyýet
we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.