Usuly-amaly okuwlar işjeň geçirildi


2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, asuda, bagtyýar Diýarymyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylynda “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň Milli bilim institutynda Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, Arkadag şäher bilim müdirliginiň hem-de etrap (şäher) bilim bölümleriniň jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugry boýunça okuw derslerine jogapkär hünärmenleri hem-de usuly birleşmeleriň ýolbaşçylary bilen 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 07–12-si aralygynda “Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugruna degişli okuw dersleriniň okadylyşyna gözegçilik we usuly işleriň ýola goýluşy” atly usuly-amaly okuw hünärmenleriň hem-de usuly birleşmeleriň ýolbaşçylarynyň hünärlerini kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi.

Okuwy talabalaýyk we döwrebap guramak üçin degişli hünärmenler, bilim işgärleri we institutyň ylmy işgärleri söhbet okadylar. 
Usuly-amaly okuwda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Tebigy we takyk bilimler bölüminiň müdiri, dosentG.Şadurdyýew, institutyň jemgyýetçilikbilimler bölüminiň müdiri O.Meläýewa, şol bölümiň esasy ylmy işgäri G.Nuryýewa we kiçi ylmy işgäri S.Welliýewa, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary K.Öwezberdiýewa, Ahal welaýatynyň Köne Sarahs taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň pasportlaşdyryş bölüminiň müdiri B.Gylyjow, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň baş ylmy işgäri, hukuk ylymlarynyň kandidaty D.Amanmyradow, şol institutyň baş ylmy işgäri A. Nurlyýewa, Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň taryh mugallymy R.Potçiýew täsirli söhbetleri bilen çykyş etdiler.

Usuly-amaly okuwda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasy” we “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” boýunça öňde durýan wezipelere laýyklykda, bilim edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we döwrebap gurnamagyň ýollary”, “Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugra degişli derslerde muzeý we ülkäni öwreniş maglumatlaryny peýdalanmagyň döwrebap usullary”, “Muzeý esbaplaryny hasaba almak we gorap saklamak”, “Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugruna degişli okuw derslerinde peýdalanmagyň döwrebap usullary”, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna laýyklykda, ýaş nesillerimizde türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, milli däp-dessurlaryna, ýol-ýörelgelerine, edep kadalaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, medeni we ruhy mirasyna buýsanjy we söýgini kemala getirmegiň ýollary”, “Taryh derslerinde okuwçylary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň döwrebap usullary”, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna laýyklykda, jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugra degişli derslerde okatmagyň häzirki zaman usullaryny peýdalanmagyň tärleri”, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda, umumybilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmegiň ýollary”, “Okuwçylara taryhy we medeni mirasymyzy öwretmekde sanly taým-laýn (wizuallaşdyryş) tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmagyň usullary”, “Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugra degişli okuw derslerinde ýaş nesle Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklary we borçlaryny düşündirmegiň usullary”, “Okuwçylara “Adam hukuklary babatda Bitarap Türkmenistanyň halkara Borçnamalary hakynda Jarnamanyň” kabul edilmeginiň ähmiýetini düşündirmegiň usullary”, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda, pedagogik işgärleriň, okaýanlaryň hem-de olaryň ata-eneleriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň abraýyna we mertebesine hormat goýmagy, ruhy, ahlak we estetik taýdan özüni alyp barmakda we daşky keşbi bilen okaýanlara görelde bolmagy düşündirmek”, “Okuwçylaryň ukyp-başarnyklaryny, milli we umumadamzat gymmatlyklaryna bolan garaýyşlaryny ösdürmegiň ýollary”, “Okuwçylary ylmy-döredijilik (taslama) bäsleşiklerine taýýarlamagyň öňdebaryjy iş tejribesinden, jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugruna degişli okuw dersleri boýunça elektron görkezme esbaplaryny taýýarlamagyň öňdebaryjy iş tejribesinden” diýen temalar boýunça okalan söhbetler täsirliligi bilen tapawutlandy. 

Okuwyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamasynyň mazmunyny okuwçylara giňişleýin düşündirmek barada diňleýjilere maslahat berildi.

Guralan okuwyň dowamynda 75-nji orta mekdebinde tejribe işleri geçirildi. Diňleýjiler “Türkmenistanyň umumybilim berýän mekdeplerinde jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugra degişli okuw derslerini okatmak boýunça öňdebaryjy iş tejribeleri bilen tanyşdylar, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda, umumybilim berýän mekdeplerde jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugra degişli okuw derslerini okadýan mugallymlar bilen alnyp barylýan usuly işler, usuly birleşmäniň iş kagyzlary bilen tanyşdylar. Mekdepde sergileriň guralmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegiň düzgünleriniň sahnalaşdyrylmak usuly arkaly görkezilmegi diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Bu çäreler bilen baglanyşykly işleriň we tejribeli sapaklaryň guramaçylykly geçmeginde mekdebiň müdiri D.Urazowa we mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary A.Aşyrlyýewa häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda taýýarlyk görüpdirler. Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, mekdebiň taryh mugallymy Aýtäç Mämmedowa we geografiýa mugallymy Sähra Atababaýewa döwrebap sapaklary guramagyň usullaryny görkezdiler.

Usuly-amaly okuwda geçilen temalar boýunça diňleýjiler bilen özara pikir alşyldy, iş tejribeler paýlaşyldy, Diňleýjiler elektron göterijilerde okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmak maksady bilen usuly materiallar bilen üpjün edildi.

Diňleýjiler bilim işgärlerine yhlasly we döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25