V SYNP ÜÇIN “PARS DILI” OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda beýleki derwaýys işler bilen bir hatarda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge bagyşlanan möhüm işler hem yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň V synpy üçin “Pars dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: B.Atanyýazowa, B.Akmämmedowa, A.Aşyrowa) Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Bu okuw kitaby döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Ol okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylyp, pars dilini öwrenmäge girişmekde iň ygtybarly serişde bolup hyzmat edýär. Onda pars diliniň elipbiýi, pars dili barada umumy maglumat, tanyşlyk, «Älef» harpy, onuň «a» sesini aňladyşy, «älef» harpynyň sözüň ortasynda we soňunda gelşi, çekimli sesler, «Be» we «Te» harplary, «Waw» we «Ýe» harplary, «Sin» we «Dal» harplary, «Pe» we «Nun» harplary, «Re» harpy, «Sin» we «Mim» harplary, «Ze» we «Ha-ýe häwwäz» harplary, «Kaf» we «Xe» harplary, «Waw» harpynyň berýän sesleri, «Fe» we «Gaf» harplary, «Jim», «Çe» we «Ha-ýe hotti» harplary, «Gaf» we «Lam» harplary, «Sad» we «Zad» harplary, «Ta» we «Za» harplary, «Se», «Zal» we «Že» harplary, «Eýn» we «Geýn» harplary degişli yzygiderlikde öwredilýär, olary öwrenmek üçin maglumatlar her sapakda göz öňünde tutulan materiallaryň çäginde öz beýanyny tapypdyr, sözlük we goşmaça gönükmeler ýerleşdirilipdir. Okuw kitabynda özleşdirilýän temalaryň mazmuny bilen bagly ýerleşdirilen reňkli suratlar kitabyň bezeg işiniň gymmatyny artdyrýar.
Bu okuw kitaby okuwçylarda pars dilinde okamak, ýazmak, düşünmek we şahsy pikiriňi beýan etmek endiklerini usuly taýdan has-da ösdürmäge, halkara gatnaşyklary ulgamynda medeniýetleriň we däp-dessurlaryň özara baglanyşygyny öwrenmäge ýardam eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi