Educational Testing Service (ETS) guramasynyň wekili bilen duşuşyk
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Educational Testing Service (ETS) guramasynyň hökümet we daşary gatnaşyklar boýunça direktory Şennon Eşpol Litton bilen wajyp duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ETS-iň işine syn berildi we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ugurlar teklip edildi.
Educational Testing Service SAT, ACT, TOEFL, GRE we başgalar ýaly bilim testlerini işläp taýýarlamak we bilimleri bahalandyrmagy geçirmek boýunça ýöriteleşen öňdebaryjy dünýä guramasydyr.
SAT (Scholastic Assessment Test)
SAT – ABŞ-da we beýleki ýurtlarda okuwçylaryň ýokary okuw mekdeplerine girmäge taýýarlygyny bahalandyrmak üçin ulanylýan standartlaşdyrylan test. Ol matematika, okamak, ýazmak we dil endikleri boýunça bölümleri öz içinde jemleýär. SAT-yň netijeleri amerikan uniwersitetlerine we kollejlerine okuw girmek prosesinde möhüm orun tutýar. Uniwersitetleriň talyplary saýlap-seçip almak işinde tutanýerli çözgütleri çykaryp bilmekleri üçin dalaşgärleriň akademiki ukyplaryny adyl bahalandyrmak onuň baş maksadydyr.
ACT (American College Testing)
ACT – kollejlere okuwa girmek üçin SAT bilen bir hatarda ulanylýan alternatiw test. ACT özünde iňlis dili, matematika, okamak, tebigy ylymlar boýunça bölümleri, şeýle hem ýazmak bölümçe boýunça esasy topluma girmeýän we aýratyn töleg esasda sargyt edijiniň islegi boýunça bellenilýän (opsional) bölümi öz içine alýar. ACT-niň netijeleri uniwersitetlerde okuwçylary diňe bir akademiki bilimlerini däl, eýsem analitiki endiklerini bahalandyryp saýlap-seçip almak işinde giňden ulanylýar .
TOEFL (Test of English as a Foreign Language)
TOEFL – iňlis dili ene dili bolmadyklaryň ony biliş derejesini bahalandyrmak üçin halkara ykrar edilen test. Ol iňlis dilinde okadylýan ýokary okuw mekdeplerine we maksatnamalaryna girmek üçin, şeýle hem hünär gurşawynda ulanylýar. Test esasy dört sany endikleri bahalandyrýar: diňläp düşünmek, okamak, geplemek we ýazuw. TOEFL iňlis dilli ýurtlarda ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin köplenç hökmany bolýar.
GRE (Graduate Record Examination)
GRE – ABŞ-da we beýleki köp ýurtlarda magistratura we aspirantura okuwa girmek üçin adatça talap edilýän standartlaşdyrylan test. GRE testi werbal we matematiki ukyplary barlamagy öz içine alyp, umumy akademiki endikleri, şeýle hem analitiki ýazuwy barlaýar. Ýokary okuw mekdeplerinde kabul ediş toparlary GRE-ň netijelerini talyp bolup biljekleri we olaryň ýokary akademiki derejelerinde okamaga taýýarlygyny bahalandyrmak üçin ulanýarlar.
PRAXIS
PRAXIS – ABŞ-da mugallymlaryň bilimlerini we endiklerini bahalandyrmak üçin ulanylýan synaglaryň toplumy. Bu testler amerikan ştatlarynyň köpüsinde başlangyç we orta mekdeplerinde okatmaga ygtyýarnama almak üçin zerur. PRAXIS umumy akademiki endikleri bahalandyryşy ýaly, şeýle hem mugallymyň okatmaga meýilleşdirýän anyk dersleri bilen bagly hünär bilimlerini bahalandyrýar.
SAT, ACT, TOEFL, GRE we PRAXIS testleri dünýä bilim ulgamynda möhüm orun tutýar. SAT we ACT ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärleriň okamaga taýýarlygyny subýektiw faktorlary aradan aýyryp, adyl bahalandyrmaga kömek edýär. TOEFL iňlis dili ene dili bolmadyk talyplara daşary ýurtlarda okamak üçin özüniň iňlis dilini biliş derejesini subut etmäge mümkinçilik berýär. GRE magistraturanyň we aspiranturanyň maksatnamalaryna seçip-almak üçin esas bolup hyzmat edýär, PRAXIS bolsa mekdep biliminiň hiline gönümel täsir edýän mugallymlaryň taýýarlygynyň ýokary standartlaryny saklamaga ýardam berýär.
Duşuşygyň barşynda geljekki hyzmatdaşlygyň birnäçe esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy:
Türkmenistana PISA ýaly halkara barlaglara gatnaşmaga taýýarlyk görmekde, bu maksatnamalara üstünlikli gatnaşmak üçin usulyýetler işläp taýýarlamak bilen hyzmatdaşlyk teklip edildi.
Şeýle hem SAT, ACT, GRE, GMAT, TOEFL testleriniň esasynda iň täze tehnologiýalary, şol sanda emeli intellekti ulanmak bilen test soraglaryny işläp taýýarlamagyň usulyýetini döretmek ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.
Mugallymlaryň bilimlerini barlamak we olary sertifikatlaşdyrmak üçin PRAXIS testlerini geçirmek usulyýetini öwrenmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
SAT we ACT ýaly testleri ulanmak bilim ulgamyny kämilleşdirmäge uly täsir ýetirýär, sebäbi adyl testleriň esasynda talyplary saýlap-seçip almak ýokary okuw mekdeplerine bilim standartlarynda ünsüni jemlemäge kömek edýär. Bu bolsa talyplyk hataryna kabul edilen talyplaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär we bilimiň derejesiniň umumy ýokarlanmagyna ýardam edýär.
ETS-iň wekili bilen duşuşygyň netijesinde taraplar hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça wajyp ugurlary alyp maslahatlaşdylar. ETS bilen hyzmatdaşlygyň bu ugurlarynyň amala aşyrylmagy bilim hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we dünýä bilim bileleşigine birikmäge gönükdirilen.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
Şeýle-de okaň: Turkmenportal