HGI-de halkara bäsleşigiň netijeleri jemlendi




Mälim bolşy ýaly 2024-nji ýylyň  25-nji maýynda TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşiginiň ýapylyş dabarasy geçirilip onuň jemleri jemlendi.  «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň şahsy tapgyrynyň netijelerine görä, gatnaşyjylar 21 altyn, 36 kümüş we 46 bürünç medal gazandylar. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplary 3 altyn we 8 kümüş medala mynasyp boldular. Şeýle-de halkara bäsleşigiň toparlaýyn tapgyrynda 3 topar altyn, 5 topar kümüş we 8 topar bürünç medal gazandylar. Toparlaýyn tapgyrda TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryndan düzülen 2 topar altyn medala mynasyp boldy.

Bu bäsleşige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Demokratik partiýasy, Kärdeşler arkalaşyklary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, «Aýdyň gijeler», «Saraýan», «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýetleri, «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy, «Abadan haly» AGPJ, «Awtoýoly», «Täç Hil», «Ak menzil», «Röwşen», «Bir kuwwat», «Altyn tug», «Kämil ussat», «Erkin gurluşyk», «Mary travel» hususy kärhanalary, «Halkara audit» okuw merkezi we ykdysady jemgyýeti, «Ýedi dogan», «Bürgüt», «Düwmejik», «Ada production» studiýalary hemaýatkär bolup çykyş etdiler.

Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak we ýapylyş dabarasy ajaýyp baýramçylyk şatlygyny döretdi. Halkara bäsleşigiň şahsy we toparlaýyn tapgyrlarynda ýeňiji bolan talyplara hem-de magistrlere guramaçylar tarapyndan Diplomlar, medallar, gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu halkara bäsleşigiň ilkinji gezek geçirilmegi halkara gatnaşyklarynda strategiki meseleleri derňemek, talyplaryň bilimlerini çuňlaşdyrmak, ylmy-barlaglarda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak zerurlygyndan, şeýle hem ählumumy parahatçylyk ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Resul WELMIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25