Elektron mekdepler
eMekdep – onlaýn ulgam bolup, onuň esasy maksady informasion we telekommunikasion tehnologiýalaryň ulanylşyny işjeňleşdirmek esasynda bilim berijiligiň hilini gowulandyrmakdan ybaratdyr:
- Okuwy we dolandyryş prosessleri (yzygiderligi) ýeňilleşdirmek, şeýle hem bilim beriji edaralaryň netijeliligini ýokarlandyrmak;
- Mugallymlaryň we ene-atalaryň okuw-terbiýeçilik işlerini gowulandyrmak; we bilim almak elýeterliligini ýokarlandyrmak. Okuw mekdepleriň dolandyrylşynyň we okuw işleriniň sanlylaşdyrylmagy üçin bu ulgam aşakdaky ýaly işleriň geçirilmegine ýardam edýär:
- Okuwçylaryň elektron gündeliklerini ýöretmäge;
- Mugallymlaryň synp žurnallaryny ýöretmäge;
- Okuwçylaryň gatnaşygy we ýetişigi baradaky maglumatlary ene-atalara ýetirmäge;
- Habarlaşmak üçin hyzmatlary hödürlemäge;
- Mugallymlara we dolandyryş işgärlerine hasabatlary döretmäge;
- Sapaklaryň meýilnamasyny görmek üçin mümkinçilik;
- Mugallymlar üçin okuwçylara öý işlerini tabşyrmaga we onuň ýerine ýetirilşine gözegçilik etmäge;
- Bilim berilşiniň hilini ýokarlandyrmak üçin ýetişigiň we gatnaşygyň görkezijilerini gowulandyrmagyň usullaryny kesgitlemek
Aşgabat şäheri boýunça ulgamyň salgysy - mekdep.edu.tm
Mary welaýat boýunça ulgamyň salgysy - www.mekdep.edu.tm
Lebap welaýat boýunça ulgamyň salgysy - www.mekdep.edu.tm
Daşoguz welaýat boýunça ulgamyň salgysy - www.mekdep.edu.tm
Balkan welaýat boýunça ulgamyň salgysy - www.mekdep.edu.tm